Et we süýt önümleri gündelik sarp edişde esasy orny eýeleýän azyk önümleriniň hatarynda durýar. Şol sebäpli bu önümleriň öndürilişi, gaýtadan işlenilişi we bazara yzygiderli ýetirilmegi diňe bir azyk senagatynyň däl, eýsem oba hojalygynyň, hususy önümçiligiň we ilatyň azyk üpjünçiliginiň möhüm ugurlarynyň biridir. Çig maly taýýar önüme öwürýän gaýtadan işleýän kärhanalaryň ösmegi bolsa önümçiligiň goşmaça gymmatyny ýokarlandyrmaga, täze önüm görnüşlerini döretmäge we içerki bazaryň islegini has netijeli kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň oba hojalygy bilen azyk senagatynyň arabaglanyşygy 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynyň görkezijilerinde hem öz beýanyny tapýar. 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy tarapyndan beýan edilen maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şöhlat önümleriniň öndürilişi 6,7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi bolsa 4 göterim artdy.
Şeýle görkezijiler oba hojalygynda öndürilýän önümleriň gaýtadan işlenýän azyk senagatyndaky ösüş bilen arabaglanyşygynyň möhümdigini görkezýär. Hususan-da, süýdüň öndürilişiniň artmagy onuň gaýtadan işlenip, dürli görnüşli süýt önümlerine öwrülmegi üçin çig mal mümkinçilikleriniň giňelýändigini görkezýän şertleriň biridir. Şöhlat önümleriniň öndürilişindäki 6,7 göterim ösüş bolsa et önümleriniň gaýtadan işlenilýän segmentiniň içerki bazardaky orny barada oňyn görkezijidir.
Et-süýt pudagynyň aýratynlygy onuň diňe maldarçylyk ýa-da azyk önümçiligi bilen çäklenmezligidir. Bu ugurda maldarçylyk hojalyklary, önüm öndürijiler, gaýtadan işleýän kärhanalar, gaplama we sowadyş ulgamlary, logistika we söwda düzümleri özara baglanyşykly hereket edýär.
Şeýle ulgamlaýyn önümçilikde gaýtadan işleýän kärhanalaryň orny aýratyn ähmiýete eýe. Olar çig malyň dürli görnüşlerde sarp edijä ýetirilmegini üpjün edýär, önümleriň görnüşini giňeldýär we önümçilik zynjyrynda goşmaça gymmat döredýär.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň 2026-njy ýylda geçirilen «AgroPack Turkmenistan-2026» halkara sergisi baradaky maglumatynda hem türkmen hususy öndürijileriniň et we süýt önümleriniň giň görnüşlerini öndürýändigi bellenilýär. Bu bolsa hususy pudagyň azyk önümçiliginiň, şol sanda et-süýt ugrunyň ösüşindäki ornunyň artýandygyny görkezýär.
Et we süýt önümlerini gaýtadan işlemek boýunça ýurdumyzda dürli hususy kärhanalar hereket edýär. Olaryň hatarynda «Maksada okgunly», «Elin» we «Zamana» ýaly önümçilik düzümlerini görkezmek mümkin. Bu kärhanalar et we süýt önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we içerki bazary üpjün etmek bilen bu ugurda möhüm orny eýeleýärler.
Bu mysallar et-süýt pudagynda önümçiligiň diňe çig mal öndürmek bilen çäklenmän, eýsem ony gaýtadan işlemek, önüm görnüşlerini köpeltmek, içerki bazary üpjün etmek we geljekde eksport mümkinçiliklerini ösdürmek bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.
Et we süýt önümleriniň öndürilişiniň artmagy bilen birlikde bu pudakda işleýän hünärmenleriň ähmiýeti hem barha ýokarlanýar. Häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalarda önümçilik diňe bir işçi güýjüne däl, eýsem tehnologlara, weterinarlara, mikrobiologlara, hil gözegçiligi boýunça hünärmenlere, inženerlere, logistika we önümçilik dolandyryşy boýunça işgärlere hem daýanýar.
Oba hojalygyndaky oňyn netijeler we täze önümçilikleriň ösdürilmegi bilen birlikde, et-süýt senagatynyň geljekde hem içerki bazaryň azyk önümleri bilen üpjünçiliginde möhüm orun eýelemegi, hünärmenleriň we döwrebap önümçilik tehnologiýalarynyň ähmiýetiniň bolsa has-da ýokarlanmagy göz öňünde tutulýar.
Zöhre Akmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniň talyby.
Teswirler