Aşgabatda kärdeşler arkalaşyklarynyň sebitara forumy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen çärä sebitiň alty döwletiniň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň esasy maksady zähmetkeşleriň hukuklaryny we durmuş-ykdysady bähbitlerini goramak, mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Çäräniň plenar mejlisinde «Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda durmuş durnuklylygyny we mynasyp zähmeti üpjün etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly tema boýunça pikir alşyldy. Gatnaşyjylar zähmet gatnaşyklarynda durmuş hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine, işgärler bilen iş berijileriň arasynda özara düşünişmegiň ösdürilmegine hem-de zähmetkeşleriň durmuş goraglylygynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berdiler.

Häzirki döwürde zähmet bazarynda bolup geçýän özgerişler, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy we täze hünärlere bolan talabyň artmagy işgärleriň hukuklaryny goramak boýunça täze çemeleşmeleri talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, forumda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, zähmet hukugy babatda bilimlerini artdyrmak, iş bilen üpjünçiligi kämilleşdirmek we kärdeşler arkalaşyklarynyň işinde sanly mümkinçiliklerden peýdalanmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň wekilleri öz döwletlerinde zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak, zähmet şertlerini gowulandyrmak we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar. Şeýle hem özara okuwlary guramak, hünärmenleriň tejribe alyşmagyny ýola goýmak we geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça mümkinçiliklere garaldy.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň wekilleriniň arasynda aýratyn iş duşuşygy hem geçirildi. Onda iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak, mynasyp iş şertlerini döretmek we işgärleriň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek her bir jemgyýetiň durnukly ösüşi üçin möhüm şertleriň biridir. Aşgabatda geçirilen sebitara forum hem bu ugurda tejribe alyşmaga, umumy meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga we geljekki hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biri boldy.

Serdar Sapargeldiýew,
Ylym bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji

guramalarynyň Sakarçage etrap geňeşiniň başlygy

Çeşme: TDH

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok