Türkmenistanda ýaş žurnalistler üçin teležurnalistika boýunça okuwlar geçirildi

Häzirki wagtda habar beriş serişdelerinde bolup geçýän özgerişler žurnalistlerden diňe bir maglumat taýýarlamagy däl, eýsem ony dürli media platformalaryna laýyk görnüşde hödürlemegi hem talap edýär. Teleýaýlym gepleşikleri, internet neşirleri we sosial ulgamlar özara baglanyşykly maglumat giňişligini emele getirýär. Şu şertlerde geljekki žurnalistleriň nazary bilimleri bilen birlikde amaly başarnyklaryny ösdürmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

2026-njy ýylyň 17–20-nji noýabry aralygynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň mugallymlary we talyplary üçin teležurnalistika boýunça dört günlük okuw maslahaty geçirildi. Okuw maksatnamasy maglumat taýýarlamak we ony tomaşaçylara ýetirmek boýunça bilimleri çuňlaşdyrmaga, şeýle hem gatnaşyjylaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Okuwlar halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirildi. Olaryň hatarynda «MIR» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Gazagystandaky baş redaktory, teležurnalist Witaliý Popow hem-de Moldowanyň Saz, teatr we şekillendiriş sungaty akademiýasynyň mugallymy, goýujy operatory Ruben Agajanýan bar. Hünärmenler gatnaşyjylara häzirki zaman habar önümçiliginiň aýratynlyklary, sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy we telewizion materiallaryň taýýarlanyş tapgyrlary barada maglumat berdiler.

Okuw maslahatynyň esasy ugurlarynyň biri teležurnalistikanyň sanly media bilen arabaglanyşygyna bagyşlandy. Häzirki wagtda tomaşaçylar habarlary diňe bir telewizor arkaly däl, eýsem telefon, planşet we beýleki ykjam enjamlar arkaly hem yzarlaýarlar. Şonuň netijesinde Reels we Shorts ýaly gysga wideo görnüşleri habar beriş serişdeleriniň işinde giňden ulanylýar. Şeýle formatda maglumat taýýarlanylanda wideonyň ilkinji pursatlarynyň täsirliligi, montažyň depgini we mazmunyň düşnükli bolmagy möhüm şertleriň hataryna girýär. Okuwlaryň dowamynda bu ugurda emeli aň gurallarynyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maksatnamanyň amaly tapgyrynda gatnaşyjylar redaktorlar we operatorlar toparlaryna bölündiler. Olar maglumat materialynyň taýýarlanyşynyň tehniki tapgyrlaryndan başlap, onuň efire berilmegine çenli bolan iş prosesi bilen tanyşdylar. Soňra toparlara birleşip, medeni miras, sport, sagdyn durmuş ýörelgesi we ýaşlary gyzyklandyrýan beýleki temalar boýunça okuw gepleşiklerini taýýarladylar. Okuwlaryň netijesinde jemi ýedi sany gepleşik döredilip, hünärmenlere hödürlenildi. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanda žurnalistika bilimini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen talyplar, mugallymlar we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin şeýle okuw çärelerini yzygiderli guraýar. Bu başlangyçlar geljekki hünärmenleriň tejribesini artdyrmak, täze media gurallary bilen tanyşdyrmak we olaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek babatda ähmiýetlidir.

Humaý Hallyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara

gatnaşyklary institutynyň žurnalistika hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok