Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistandaky wekilhanasynda BMG-niň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ýörite sergi stendi bilen çykyş etdi.
Ilçihananyň stendinde Azerbaýjanyň taryhy we medeni mirasy, milli däp-dessurlary, ykdysady hem-de syýahatçylyk mümkinçilikleri barada maglumatlar hödürlendi. Şeýle hem «Made in Azerbaijan» brendi bilen öndürilýän önümler görkezildi. Olaryň arasynda myhmanlaryň aýratyn ünsüni çeken önümleriň biri «Istisu» mineral suwy boldy.
Çärä gatnaşyjylar Azerbaýjanyň milli aşhanasynyň dürli tagamlary we süýjülikleri bilen hem tanyşdyryldy. Myhmanlara milli aşhananyň aýratynlyklary barada maglumat berlip, hödürlenen tagamlardan datmak mümkinçiligi döredildi.
Stendde Azerbaýjanyň taryhyna, medeniýetine, halyçylyk we şekillendiriş sungatyna, şeýle-de syýahatçylyk ugurlaryna bagyşlanan kitaplar we broşýuralar hem görkezildi. Neşirler çärä gatnaşyjylara paýlanylyp, ýurduň medeni we syýahatçylyk mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat almaga şert döredildi.
Çäräniň maksatnamasynda dürli ýurtlaryň milli däp-dessurlaryny we aýdym-saz medeniýetini görkezýän çykyşlara hem orun berildi. Azerbaýjanyň milli tanslary gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, myhmanlar tarapyndan mähirli garşylanyldy.
Azym ATANIÝAZOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler