Ýaşlaryň innowasion pikirlerini goldajak täze institut dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitinde bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürdi.

Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmegiň, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ýola goýmagyň möhümdigini belledi.

Şeýle hem ýaşlaryň sanly bilimlerini ösdürmek, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we ylmy maslahatlary geçirmek teklip edildi. Bu çäreleriň ýaşlaryň bilim we hünär mümkinçiliklerini giňeltmegine şert döretmegi göz öňünde tutulýar.

Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag we taslama işlerini güýçlendirmek bilen birlikde, ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we durmuşa geçirmegi goldajak ýörite instituty döretmek başlangyjy hem öňe sürüldi.

Sammitiň dowamynda ýaşlaryň medeni we sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça hem birnäçe teklip beýan edildi. Hususan-da, ýaşlaryň medeniýetara alyşmalaryny ösdürmek, «Ýaş zehinler» maksatnamasyny durmuşa geçirmek we halkara ýaşlar çärelerini geçirmek meselelerine üns berildi.

«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammiti 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Seul şäherinde geçirildi. Sammitiň netijesinde birnäçe bilelikdäki resminamalar kabul edildi, şol sanda emeli aň, ylym we geljegiň tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlar öňe sürüldi.

Çeşme: TDH

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok