Howanyň üýtgemegine garşy göreş diňe bir parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmakdan ybarat däldir. Gurakçylyk, suw ýetmezçiligi, aşa yssy howa we beýleki tebigy hadysalaryň täsirlerine öňünden taýýarlyk görmek hem möhüm ähmiýete eýedir. Şu ugurda ösüp barýan ýurtlara goldaw bermek boýunça halkara maksatnamasynyň 25 ýyllyk tejribesi 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda COP31 maslahatynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
2026-njy ýylda Iň pes ösen ýurtlar boýunça iş maksatnamasynyň, Iň pes ösen ýurtlar boýunça bilermenler toparynyň we Iň pes ösen ýurtlar gaznasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy bellenilýär. Şu senä bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga degişli ýurtlaryň wekilleri, COP31-iň ýolbaşçylary, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň sekretariaty we Global ekologiýa gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda soňky 25 ýylyň dowamynda ýurtlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça taýýarlan meýilnamalary we gazanan tejribeleri seljerildi. BMG-niň maglumatyna görä, şu wagta çenli dünýäde 140-dan gowrak ýurt Milli uýgunlaşma meýilnamasyny taýýarlamak işine başlap, olaryň 84-si öz meýilnamasyny tabşyrdy. Bu resminamalar ýurtlaryň howa bilen bagly töwekgelçilikleri kesgitlemegine we olara garşy uzak möhletleýin çäreleri meýilleşdirmegine ýardam berýär.
Maslahatda gazanylan tejribäniň indiki tapgyrynda meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge has köp üns bermegiň zerurdygy nygtaldy. Munuň üçin maliýe serişdeleri, tehniki tejribe, hünärmenleriň taýýarlygy we milli edaralaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmek möhüm şertler hökmünde görkezildi.
Duşuşygyň çäklerinde «Iň pes ösen ýurtlara goldaw bermegiň 25 ýyly: gazanylan netijeler» atly ýörite neşir hem tanyşdyryldy. Onda halkara goldaw maksatnamalarynyň ösüşi, möhüm tapgyrlar we bu ugurda toplanan tejribe beýan edilýär.
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça alnyp barylýan işler geljekki tebigy töwekgelçiliklere taýýarlyk görmek bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş şertlerini, azyk we suw howpsuzlygyny goramakda hem möhüm orun eýeleýär. COP31-de geçirilen duşuşyk bolsa bu ugurda diňe meýilnamalary taýýarlamak däl, eýsem, olaryň anyk netijelerini gazanmak üçin halkara goldawynyň dowam etdirilmelidigini görkezdi.
Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Orazbibi Garaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň mugallym-öwrenijisi
Teswirler