Türkmenistanyň zenanlar gandbol ýygyndy topary Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «IHF Nations Trophy 2026» atly halkara ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Taryhda ilkinji gezek geçirilen bu ýaryşda baş tälimçi Gülendam Narbaýewanyň tälim berýän topary dört duşuşyk geçirip, üçüsinde ýeňiş gazandy.
Türkmen gandbolçy gyzlary ýaryşyň dowamynda Pakistan toparyny 38:19, Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 47:18 we Täjigistanyň toparyny 40:14 hasaplar bilen ýeňdiler. Şu üç duşuşykda türgenler garşydaşlarynyň derwezesine jemi 125 pökgi geçirmegi başardylar. Toparyň üstünlikli çykyş etmeginde hüjümdäki işjeňlik bilen birlikde, goragçylaryň we derwezebanyň ygtybarly oýny hem möhüm orun eýeledi. Goragda Wladlena Şarafutdinowa, derwezäni goramakda bolsa Mariýa Zaplatnaýa tapawutlandy.
Altyn medal ugrunda geçirilen jemleýji duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistanyň topary bilen güýç synanyşdy. Dartgynly geçen oýunda türkmen türgenleri 16:21 hasabynda ýeňlişe sezewar bolup, ýaryşy ikinji orun bilen tamamladylar.
Daşkentde gazanylan bu netije Türkmenistanyň zenanlar gandbol ýygyndysynyň halkara ýaryşlarynda görkezen üstünlikleriniň biridir. «IHF Nations Trophy» ýaryşynyň Halkara gandbol federasiýasy tarapyndan geljekde her iki ýyldan bir gezek geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa türgenlere halkara tejribesini artdyrmak we täze ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin mümkinçilik döreder.
Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Mahym Goçewa,
Türkmenistanyň Döwlet Energetika
institutynyň mugallymy
Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti
Teswirler