16-njy noýabrda Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň netijeleri boýunça dürli ugurlarda üstünlik gazanan ýaşlara bu abraýly baýragyň eýesi diýen at dakyldy.
Baýramçylyk çäresine ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen baýrak eýeleri gatnaşdylar.
Dabaranyň öňüsyrasynda myhmanlar Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kitaplaryny, şeýle hem ýaş hünärmenleriň we talyplaryň gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny diňlediler. Onda her ýyl gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýaşlaryň döredijilik we jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamakda, olaryň ylym-bilimde, sportda, medeniýetde hem-de zähmetde gazanýan üstünliklerini höweslendirmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ylmyň, saglygy goraýşyň, ykdysadyýetiň, senagatyň, oba hojalygynyň we döredijiligiň ösüşine mynasyp goşant goşan zehinli hem-de işjeň ýaşlar baýragyň eýeleri diýlip yglan edildi. Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyzyň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bu ýyl Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlaryň hatarynda «Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň» üç talybynyň bolmagy aýratyn bellärliklidir. Abraýly baýrak bilen sylaglanan talyplar:
Halykow Sähet Kasymowiç — Inžener-mehanika fakultetiniň «Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlarynyň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy» hünäriniň 4-nji ýyl talyby;
Emirow Söýünaly Mahmudowiç — Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň «Mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar» taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby;
Kadyrow Şanazar Resulowiç — Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň «Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy» hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
Ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň bu abraýly baýrak bilen sylaglanmagy olaryň bilimde, ylmy gözleglerde we hünär taýýarlygynda gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilmegidir. Şeýle hem bu üstünlik ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda we geljekde ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin uly ähmiýete eýedir.
Mekan BATYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Teswirler