COP31-de Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişine ikinji ählumumy baha beriş prosesi başlandy

2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Antalýada geçirilýän COP31 maslahatynyň çäklerinde Pariž ylalaşygy boýunça ikinji Ählumumy baha beriş (Global Stocktake) prosesi resmi taýdan başlandy. Bu iş dünýä ýurtlarynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde gazanan netijelerini we öňde duran meselelerini bilelikde seljermäge gönükdirilendir.

Ählumumy baha beriş Pariž ylalaşygynyň esasy mehanizmleriniň biridir. Ol ýurtlaryň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we zerur maliýe hem-de tehnologiýa goldawyny üpjün etmek boýunça umumy ösüşine baha berýär.

Ilkinji baha beriş 2023-nji ýylda tamamlandy. Indi başlan ikinji tapgyryň 2028-nji ýylda geçiriljek COP33 maslahatynda jemlenmegi meýilleşdirilýär. Bu döwürde ýurtlardan, ylmy jemgyýetçilikden, halkara guramalardan we beýleki degişli taraplardan maglumatlar ýygnalar. 2027-nji ýylda bolsa tehniki seljeriş tapgyry başlanar.

Ýygnalan maglumatlar dünýä derejesinde howa boýunça öňde goýlan maksatlaryň ýerine ýetirilişini, gazanylan üstünlikleri we çözülmeli meseleleri anyklamaga kömek eder. Netijede, bu baha beriş ýurtlaryň milli howa meýilnamalaryny kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin esas bolup hyzmat eder.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Simon Stiell bu prosesiň ylmy maglumatlara, deňhukuklylyga we ähli degişli taraplaryň gatnaşmagyna esaslanmalydygyny belledi. Şeýle-de onuň dowamynda öňki maksatlaryň ýerine ýetirilişine ünsi dowam etdirmek zerurdygy nygtaldy.

Iki ýyl dowam etjek bu iş howanyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan halkara çäreleriň netijeliligini ölçemekde we geljekki maksatlary kesgitlemekde möhüm tapgyr bolar.

Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Enejan Toýlyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok