«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy BMG-niň howandarlygyndaky halkara başlangyçlaryň geçirilýän möhüm meýdançalarynyň biri hökmünde öz ornuny berkitýär. 2026-njy ýylyň oktýabrynda bu ýerde sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan birnäçe möhüm çäre geçiriler.
Oktýabrdaky çäreleriň hatarynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy bar. Şeýle hem «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat geçirilip, demografik ösüşiň häzirki meseleleri we bu ugurdaky halkara tejribe ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle-de «Awazada» Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň ählumumy elýeterli saglygy goraýyş hyzmatlaryna bagyşlanan maslahaty geçiriler. Çäräniň dowamynda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek we durnukly ösüş bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.
Bu forumlar bilen bir hatarda, oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle halkara çäreleriň bir meýdançada geçirilmegi «Awazanyň» diňe bir syýahatçylyk zolagy bolman, eýsem syýasy dialog, halkara hyzmatdaşlyk we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança hökmünde ähmiýetini görkezýär.
Teswirler