2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.
Mejlisde çykyş eden Raşid Meredow YHG-nyň Türkmenistan üçin sebit ykdysady ösüşini ilerletmegiň möhüm guralydygyny belledi. Ol Türkmenistanyň guramanyň 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygynyň Strategik maksatlaryny goldaýandygyny, şeýle hem söwda, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Türkmen tarapy söwda gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak, bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek, Merkezi we Günorta Aziýany Ýewropa hem-de Ýakyn Gündogar bilen birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça tekliplerini beýan etdi. Şeýle-de TOPH gaz geçirijisiniň strategik ähmiýetine we elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak mümkinçiliklerine üns çekildi.
Duşuşykda Mary şäheriniň 2028-nji ýylda «YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edilendigi hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gurama agza döwletler Türkmenistanda geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyryldy.
Mejlisiň jemlerinde Türkmenistan YHG-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem guramada başlyklygy öz üstüne alan Pakistana üstünlikler arzuw edildi.
Aýlar Batyrowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler