Häzirki döwürde bilimi ösdürmek diňe bir okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek bilen çäklenmeýär. Ylym, tehnologiýa we innowasiýa bilen gyzyklanýan ýaşlara mümkinçilik döretmek, olaryň täze pikirlerini goldamak hem bilim ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Sebäbi ýaşlaryň bilimini, döredijilik ukybyny we täzeçil garaýyşlaryny ösdürmek geljekki hünärmenleriň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Türkmenistanyň Bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamak ugrunda Bilim ministrliginiň beýleki ministrlikler bilen bilelikde degişli işleri alyp barýandygy bellenildi.
Ýaşlaryň bilim we ylym bilen meşgullanmagyna täze mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, 2031-nji ýyla çenli ýaşlar baradaky döwlet maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe başlangyç göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda ýaşlaryň bilim almagy, pikir alyşmagy we intellektual hyzmatdaşlyga gatnaşmagy üçin startap merkezlerini hem-de dürli ugurlarda halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek bar.
Bu başlangyçlaryň aýratyn ähmiýeti ýaşlaryň diňe bir nazary bilim almak bilen çäklenmän, öz pikirlerini iş ýüzünde synap görmegine, täze taslamalary taýýarlamagyna we beýleki ýaşlar bilen tejribe alyşmagyna mümkinçilik döretmegidir. Startap merkezleri täze pikirleriň ösdürilmegi, innowasion çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagy üçin amatly şertleriň biri bolup biler.
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy hem esasy ugurlaryň biridir. Bu babatda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ýaşlary işjeň çekmek, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti bilen bilelikdäki işlerini dowam etdirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Watanymyzyň taryhyna we milli gymmatlyklaryna bagyşlanan halkara bilim bäsleşiklerini geçirmek, «Ýaş zehinler» atly maksatnamany daşary ýurtlaryň degişli edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesini ösdürmek bilen bir hatarda, olaryň taryhy we medeni mirasa bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga hem gönükdirilendir.
Häzirki zaman biliminde sanly tehnologiýalary we emeli aňy dogry ulanmak meselesi hem aýratyn öwrenilmäge mynasypdyr. Mejlisde sanly ulgam bilen emeli aň tehnologiýalarynyň arasyndaky tapawudy öwrenmek, kiberhowpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ýaşlaryň täze programma üpjünçiliklerini döretmek boýunça başlangyçlaryny goldamak barada hem degişli wezipeler bellenildi.
Bilim ulgamynyň ösüşi täze tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde, ýaşlaryň özbaşdak pikirlenmegine, gözleg geçirmegine we döredijilikli çözgütleri tapmagyna mümkinçilik berýän şertleriň döredilmegini hem talap edýär. Şu nukdaýnazardan, startap merkezleri, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygy we täzeçil taslamalar ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin möhüm mümkinçilikler bolup durýar.
Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Tylla Myratdurdyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
“Kuwwat” aýdym-saz we tans toparynyň çeper ýolbaşçysy,
Institutyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
Teswirler