e-Mekdep mobil goşundysy 1 million gezek ýüklendi

Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak barha giň gerime eýe bolýar. Bu ugurda ulanylýan e-Mekdep mobil goşundysynyň ýüklenme sany 1 milliona ýetdi.

Bu görkeziji e-Mekdep platformasyna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny we onuň bilim bilen bagly gündelik işlerde ulanylýandygyny görkezýär.

e-Mekdep ene-atalara çagalarynyň okuw ýagdaýyndan habarly bolmaga, elektron gündeligi arkaly bahalaryny, sapaga gatnaşygyny, öý işlerini we mugallymlaryň belliklerini yzarlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem goşundyda çaganyň okuw netijelerini seljermek üçin analitika bölümi we goşmaça bilim almaga ýardam berýän okuw serişdeleri ýerleşdirilendir.

Platformanyň esasy maksady – mekdep bilen ata-eneleriň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirmek, okuw prosesini has elýeterli we amatly etmekdir. Ene-atalar çagalarynyň okuwyna degişli maglumatlary bir ýerden görüp, zerur ýagdaýlarda wagtynda goldaw berip bilýärler.

e-Mekdep mobil goşundysynyň 1 million gezek ýüklenilmegi platformanyň ösüş ýolundaky möhüm görkezijileriň biridir. Bu üstünlik sanly bilim hyzmatlaryny kämilleşdirmek we ulanyjylara has amatly mümkinçilikleri hödürlemek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini ýene bir gezek görkezýär.

Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky TDU-niň V ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok