Şekillendiriş sungaty halklaryň medeni mirasyny, taryhy ýadyny we dünýä garaýşyny beýan edýän döredijilik ugurlarynyň biridir. Suratkeşleriň eserleri arkaly dürli halklaryň däp-dessurlary, ruhy gymmatlyklary we häzirki zaman dünýäsine garaýyşlary bilen tanyşmak bolýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen suratkeşleriniň Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen halkara sergä gatnaşmagy medeni gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli wakalaryň biridir.
15-nji oktýabrda Daşkent şäherindäki P. Benkow adyndaky Respublikan ýöriteleşdirilen sungat mekdebinde «Wakalar gözýetimi» atly XI halkara häzirki zaman sungat sergisiniň çäklerinde türkmen suratkeşleriniň eserleriniň görkezilişi açyldy. Sergide Azat Myradowyň, Gunça Myradowanyň we Toýly Çopanowyň 30-dan gowrak işi tomaşaçylara hödürlendi.
Türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde milli medeni miras, taryhy ýatlamalar we häzirki döwrüň ruhy gözlegleri öz beýanyny tapýar. Olaryň eserleri milli öwüşginleri häzirki zaman sungatynyň çeperçilik serişdeleri bilen utgaşdyrmagy bilen tapawutlanýar. Şeýle çemeleşme tomaşaçylara türkmen halkynyň medeni baýlyklaryna başgaça nazar aýlamaga mümkinçilik berýär.
Suratkeş Toýly Çopanow eserleriň sungat mekdebinde görkezilmeginiň ähmiýetini belläp, ýaş kärdeşlere realizmiň we milli öwüşginleriň üsti bilen häzirki döwrüň meselelerini çeper beýan etmegiň mümkinçiliklerini görkezmäge çalşandyklaryny nygtady.
Suratkeş Azat Myradowyň belleýşi ýaly, nusgawy akademiki taýýarlyk döredijilikde çäklendirme däl-de, täze pikirleri erkin beýan etmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Kompozisiýany, reňk sazlaşygyny we surat çekmegiň usullaryny kämil özleşdirmek suratkeşe häzirki zaman sungatynda özboluşly ýoluny tapmaga ýardam berýär.
Bu halkara çärä 33 ýurtdan 70 suratkeş we kurator gatnaşýar. Olaryň döredijiligi suratkeşlik, grafika, heýkeltaraşlyk, wideo sungaty we fotosuratçylyk ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Serginiň maksatnamasynda ussatlyk sapaklary, çeper çykyşlar we halkara ylmy-amaly maslahat hem göz öňünde tutulýar.
Halkara sergiler diňe bir sungat eserlerini görkezmek üçin däl, eýsem, döredijilik tejribesini alyşmak, täze garaýyşlar bilen tanyşmak we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin hem giň mümkinçilik döredýär. Türkmen suratkeşleriniň şeýle çärelere gatnaşmagy milli sungatyň özboluşlylygyny halkara tomaşaçylara ýetirmäge hem-de dürli ýurtlaryň döredijilik wekilleriniň arasynda tejribe alyşmaga ýardam berýär.
Dünýägözel Hakiýewa,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
Mahabatlandyryş-neşir edijilik bölüminiň
dizaýner-grafik baş hünärmeni
Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti
Teswirler