Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, dünýä nusgawy eserleri bilen utgaşdyrmaga hem-de ýaş nesle nusgalyk terbiýe bermäge uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş berýän eşretli zamanasynda halkymyzyň aýdyma-saza bolan islegi günsaýyn artýar.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän ýaş sazanda mugallymlaryň “Zehin joşguny” ady bilen geçirilýän saz festiwalynyň çäklerindäki konsertler olaryň öz hünärlerinde has-da kämil derejelere ýetmeginde oňyn netijeleri berýär.
Festiwalyň çäginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” we “Üflenip kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedralarynyň ýaş mugallymlarynyň gyzykly konsert çykyşlary hem uly üstünlik bilen geçdi. Kakajan Hudaýberdiýewiñ, Aýgül Rejebowanyñ hem-de Şirhan Batyrowyñ ýerine ýetiren eserleri konserde gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Konsertde daşary ýurtlaryň hem-de türkmen saz sungatynyñ ussat kompozitorlarynyň döredilen meşhur sazlary ýaňlandy. Azerbaýjan halk sazy “Sary gelin”, A.Tagiýewiň “Sen gelmez olduň”, J. Gurbangylyjowanyň “Ýagyşly gün” ýaly eserleri diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy. Dünýä saz medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän M. Glinkanyň hem-de P. I. Çaýkowskiniň ajaýyp eserleri hem çykyşlaryň içinde aýratyn saýlandy. Konserdiñ dowamynda K. Weberiň “Romans”, A. Babajanýanyň “Serenada”, D. Hydyrowyň “Elwan güller” ýaly birnäçe eserler diňleýjileriň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny we hoşallyklaryny aýtdylar.
Göwher AGAGELDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
Teswirler