Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we tebigy ekoulgamlary goramak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin maliýe serişdeleriniň elýeterliligi möhüm şertleriň biridir. 2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda COP31 maslahatynyň çäklerinde dört döwletiň Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) gaznalaryna goşmaça 200 million amerikan dollary möçberinde serişde gönükdirmek baradaky yglanlary mälim edildi.
Daniýa we Koreýa Respublikasy Global ekologiýa gaznasynyň dokuzynjy maliýeleşdiriş tapgyryna degişlilikde 800 million Daniýa kronuny we 10 milliard koreý wonuny bölüp bermek barada habar berdiler. Şeýle-de Belgiýa Iň pes ösen ýurtlar gaznasyna 50 million ýewro, Germaniýa bolsa degişli uýgunlaşma gaznalaryna 18 million ýewro möçberinde serişde bölüp bermek baradaky teklibini mälim etdi. Germaniýanyň goşandy parlamentiň tassyklamagyna bagly bolup durýar.
Bu serişdeler howanyň üýtgemegine garşy çäreleri, biologik köpdürlüligi goramak we daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak boýunça taslamalary goldamaga gönükdiriler. Şeýle hem olaryň bir bölegi howanyň üýtgemeginiň täsirlerine has ejiz ýurtlaryň uýgunlaşma mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin ulanylar.
Global ekologiýa gaznasynyň maglumatyna görä, Daniýa bilen Koreýa Respublikasynyň goşantlary netijesinde 2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan dokuzynjy maliýeleşdiriş tapgyry boýunça wada berlen serişdeleriň umumy möçberi 4,5 milliard amerikan dollaryndan geçdi.
Maliýe serişdeleriniň täze tapgyry howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde, suw we tebigy baýlyklary goramakda hem-de ekologik töwekgelçiliklere garşy durnuklylygy ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Arzygül Kakalyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň mugallymy
Teswirler