Ýaş nesil her bir döwletiň geljegini kesgitleýän esasy güýçleriň biridir. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ösdürmegi, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistanda hem ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge we olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda bu ugurdaky işler «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de degişli döwlet maksatnamalarynyň esasynda amala aşyrylýar. 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Täze maksatnama ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegi, zehinli ýaşlary ýüze çykarmagy, ylym-bilime, innowasiýalara we ösen tehnologiýalara bolan gyzyklanmalaryny goldamagy maksat edinýär.
Maksatnamada sanly tehnologiýalary, emeli aňy we kiberhowpsuzlygy özleşdirmek, ýaşlaryň ylmy taslamalaryny we startap başlangyçlaryny goldamak, ýaş telekeçileriň mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly ugurlara aýratyn orun berilýär. Şeýle-de ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek we ekologiýa medeniýetini ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Ýaşlaryň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek hem döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy kabul edildi. Strategiýa ýaşlaryň daşary ýurtly deň-duşlary bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge, halkara forumlara, ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmagyna mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň döredilmegi sebit ýaşlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Mundan başga-da, ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça ýörite maksatnama durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde ýaşlaryň hünär saýlamagyna, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmegine we ykdysady durmuşa işjeň goşulyşmagyna ýardam bermek göz öňünde tutulýar. BMG bilen hyzmatdaşlygyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynda hem ýaşlaryň ösüşine degişli ugurlara üns berilýär. Şeýle-de 2026–2028-nji ýyllar üçin «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» maksatnamasynyň taslamasy boýunça işler alnyp barylýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärli we jemgyýetçilik taýdan işjeň şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Döwrebap maksatnamalar we halkara hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagy üçin möhüm şertleri döredýär.
Baba Babaýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Teswirler