Türkmenistanyň welaýatlarynda täze önümçilik ugurlaryny ösdürmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030–2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» çäklerinde welaýatlarda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça meýilleşdirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynda gurluşyk materiallary, himiýa, energetika we dokma senagatyny ösdürmek, Balkan welaýatynda karbamid önümçiligini giňeltmek, ýod, brom we duz öndürýän kärhanalary ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Daşoguz welaýatynda gazhimiýa önümçiligini we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, Lebap welaýatynda kükürt, kaliý we daş duzlary ýaly tebigy serişdeleriň esasynda önümçilikleri giňeltmek meýilleşdirilýär. Mary welaýatynda bolsa gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek, täze kärhanalary döretmek we hereket edýän önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Strategiýada önümçilikde innowasion tehnologiýalary we sanly dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak hem-de sebitleriň ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok