Ýaşlaryň bilim we hünär taýdan ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Ýaş nesliň bilimli, döredijilikli, zähmetsöýer we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan şahsyýetler bolup ýetişmegi her bir döwletiň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň bilim we hünär mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň zehinini ýüze çykarmak, başlangyçlaryny goldamak hem-de hukuklaryny goramak bilen bagly işler aýratyn orun tutýar. Türkmenistanda hem bu ugurdaky döwlet syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen täze uzak möhletli maksatnama kabul edildi.

2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen kabul edilen bu resminamalar ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmegi, ylym-bilime, ösen tehnologiýalara gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmagy we olaryň mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýär.

Täze maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri ýaşlaryň bilim we hünär mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde bilim diňe bir nazary maglumatlary özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem özbaşdak pikirlenmek, maglumatlary seljermek, täze çözgütleri tapmak we alnan bilimleri tejribede ulanmak başarnyklaryny hem öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň ylmy gözleglere gatnaşmagyny höweslendirmek, zehinli okuwçylary we talyplary ýüze çykarmak, olaryň döredijilik hem-de intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezilýär.

Maksatnamada döwrebap tehnologiýalary özleşdirmek meselesine hem aýratyn üns berilýär. Sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlarynda bilimleri ösdürmek ýaşlaryň geljekki hünär taýýarlygy üçin möhüm şertleriň biridir. Tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe ýaşlaryň diňe taýýar sanly gurallardan peýdalanmagy däl, eýsem olaryň iş prinsiplerine düşünmegi, maglumat howpsuzlygyny berjaý etmegi we täze tehnologiýalar esasynda özbaşdak taslamalary döretmegi hem ähmiýetlidir.

Şeýle mümkinçilikleri giňeltmekde startap merkezlerini we dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek baradaky başlangyçlar aýratyn ähmiýete eýedir. Bu düzümler ýaşlaryň ylmy we tehnologik pikirlerini ösdürmäge, täze taslamalary taýýarlamaga, tejribe alyşmaga hem-de innowasion başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam berip biler. Şeýle-de ýaşlaryň tehnologiýa we telekeçilik ugurlaryndaky taslamalaryny goldamak, olara degişli maslahatlary we zerur serişdeleri bermek bilen bagly mümkinçilikler maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezilýär.

Döwlet maksatnamasynda ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meseleleri hem öz beýanyny tapýar. Ýaşlaryň öz hukuklaryny we borçlaryny bilmegi, jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmagy, tekliplerini öňe sürmegi hem-de raýat jogapkärçiligini duýmagy olaryň özbaşdak şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda döwlet edaralarynyň, bilim edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň özara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar.

Maksatnamanyň ýene bir möhüm ugry halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmekdir. Halkara ylmy-amaly maslahatlara, bäsleşiklere, forumlara we bilim taslamalaryna gatnaşmak ýaşlara daşary ýurtly deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga, täze garaýyşlary öwrenmäge hem-de öz bilimlerini halkara derejesinde synap görmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hyzmatdaşlyk ýaşlaryň diňe bir hünär taýdan kämilleşmegine däl, eýsem medeniýetara aragatnaşyk we özara düşünişmek başarnyklarynyň ösmegine hem ýardam edýär.

Umuman, bu ugurdaky işleriň netijesi ýaşlaryň öz zehinini ýüze çykarmagy, bilimini tejribede ulanmagy we jemgyýetçilik başlangyçlaryna işjeň gatnaşmagy üçin döredilýän şertleriň näderejede durmuşa geçirilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Döwran Nurmuhammedow,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok