Düýn paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara döredijilik çäresi Gazagystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň teatr wekillerini, sahna ussatlaryny hem-de sungat söýüjilerini bir ýere jemledi.

Festiwalyň açylyş dabarasy dürli ýurtlaryň medeni däplerini we teatr sungatyny şöhlelendirýän çykyşlar bilen başlandy. Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň we Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançalarda döredijilik toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de edebi-çeper çykyşlar geçirildi. Gatnaşyjylara türkmen sungatynyň dürli ugurlaryny görkezýän teatrlaşdyrylan kompozisiýalar, aýdym-sazly çykyşlar we sahna eserlerinden parçalar hödürlendi.
Festiwalyň dowamynda ýurdumyzyň teatrlarynda dürli žanrlara degişli spektakllaryň görkezilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda sahna sungatyny ösdürmek, tejribe alyşmak hem-de halkara döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine bagyşlanan iş maslahaty geçiriler.
8-nji noýabrda festiwalyň ýapylyş dabarasynyň geçirilmegi, onuň jemleriniň jemlenmegi we gatnaşyjylaryň sylaglanmagy göz öňünde tutulýar.
Halkara teatr festiwaly dürli halklaryň medeniýetini we sungat däplerini özara tanyşdyrmak, döredijilik tejribesini baýlaşdyrmak hem-de teatr sungatyna bolan gyzyklanmany artdyrmak üçin möhüm mümkinçilik döredýär.
Çeşme: TDH
Teswirler