Awazada alty döwlet sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Azerbaýjanyň ilkinji gezek bu formata resmi gatnaşmagy bilen duşuşyk altytaraplaýyn görnüşde dowam etdirildi.

Duşuşygyň esasy gün tertibine sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, energetika, senagat, tehnologiýa we ekologiýa ugurlarynda bilelikdäki işleri güýçlendirmek meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanlary Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça ulag arabaglanyşygyny ösdürmegiň, Hazar deňziniň üsti bilen Merkezi Aziýany Günorta Kawkaz we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ähmiýetini bellediler. Energetika ulgamynda tebigy gaz we elektrik energiýasy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýumlary höweslendirmek, önümçilik we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki taslamalary ösdürmek meselelerine üns berildi. Şeýle hem emeli aň, sanly tehnologiýalar we «Akylly şäherler diplomatiýasy» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Duşuşykda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek ýaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ynsanperwer ugurda bolsa medeniýet, ylym-bilim we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde bellenildi.

Duşuşygyň netijesinde Bilelikdäki Beýannama we konsultatiw duşuşygyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüt kabul edildi. Şeýle hem nobatdaky konsultatiw duşuşygy 2027-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynda geçirmek barada ylalaşyldy.

Çykyşlarda öňe sürlen teklipler ulag, energetika, söwda, tehnologiýa we ekologiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirildi. Olaryň anyk taslamalara we amaly netijelere öwrülmegi üçin degişli ýurtlaryň bilelikdäki tagallalaryny dowam etdirmegi möhüm bolup durýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok