Türkmenistanyň milli pawilýony Şanhaýdaky halkara sergide görkezilýär

ytaýyň Şanhaý şäherinde 5-nji noýabrda öz işine başlan dokuzynjy «China International Import Expo» halkara sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony ýaýbaňlandyryldy. Halkara söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen bu çärä 162 döwletiň, sebitiň we halkara guramanyň wekilleri gatnaşýar.

Şanhaýyň Milli sergi we konwensiýa merkezinde geçirilýän sergi takmynan 440 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Oňa 4 142 daşary ýurtly gatnaşyjy wekilçilik edýär. Milli pawilýonlary bilen çykyş edýän 69 ýurduň arasynda Türkmenistanyň hem bolmagy ýurdumyzyň önümlerini halkara bazarlarynda tanyşdyrmak üçin möhüm mümkinçilik döredýär.

Türkmen pawilýonynda ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli harytlar, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri görkezilýär. Şeýle hem sergä gelýän myhmanlar türkmen halkynyň baý milli medeni mirasy bilen tanyşyp bilýärler.

Halkara serginiň çäklerinde türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär. Bu forumyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam bermegine garaşylýar.

«China International Import Expo» sergisi 2018-nji ýyldan bäri her ýylyň noýabr aýynda geçirilip, dürli ýurtlaryň öndürijileri üçin önümlerini dünýä bazaryna çykarmaga we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik döredýär.

Çeşme: TDH

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok