Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ylym we bilim ulgamyny hem täze belentliklere çykarýar. Çünki hünärli, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesil — berkarar watanymyzyň beýik geljeginiň, ykdysady we ruhy kuwwatynyň binýadydyr.
Häzirki wagtda milli bilim ulgamymyz dünýäniň ösen standartlaryna laýyklykda düýpli kämilleşdirilýär. Döwrebap mekdepler, ýokary okuw jaýlary, çagalar baglary iň täze sanly tehnologiýalar, interaktiw enjamlar we multimedia serişdeleri bilen üpjün edilýär. Bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda diňe bir nazary bilimler däl, eýsem, okuwçylaryň we talyplaryň döredijilikli pikirlenmek hem-de amaly başarnyklaryny ösdürmek ýaly endikleri esasy orunda durýar.
Okatmagyň usulyýeti mugallym bilen okuwçynyň arasyndaky özara işjeň hyzmatdaşlyga, bilim bermegiň täsirli we döwrebap ýollaryna daýanýar. Häzirki zamanyň usulyýeti çaganyň diňe bir maglumatlary ýat tutmagyny däl, eýsem, olary amalyýetde ulanyp bilmegini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, aşakdaky usulyýet ýörelgeleri giňden ulanylýar:
- Işjeň (interaktiw) usullar;
- Sanly tehnologiýalary ulanmak;
- Şahsa gönükdirilen aýratyn çemeleşme.
Pedagogika diňe bir bilim bermek däl, eýsem, ýaşlarda adamkärçilikli, watansöýüji, zähmetsöýer häsiýetleri kemala getirmek sungatydyr. Häzirki zaman pedagogikasy ylym bilen ruhy-ahlak ýörelgelerini sazlaşykly utgaşdyrýar. Mugallym diňe bir bilim beriji bolman, eýsem, göreldeli tälimçi, ruhlandyryjy we ýolbelet hökmünde çykyş edýär. Watana wepaly, milli däp-dessurlarymyza sarpa goýýan, bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamakda mugallymlaryň ussatlygy uly ähmiýete eýedir.
Bägül GYLYÇDURDYÝEWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler