Howanyň üýtgemegi we ýerden peýdalanmakdaky özgerişler tokaý we beýleki tebigy ýerlerde ýangynlaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Şu meseläniň öňüni almak hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda COP31 maslahatynyň çäklerinde «Antalýa hereket meýilnamasy» atly başlangyç 23 ýurt tarapyndan goldanyldy.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maglumatyna görä, meýilnama Türkiýäniň COP31 başlyklygy tarapyndan öňe sürlüp, Braziliýa we Koreýa Respublikasy bilen bilelikde ösdürilýär. Onuň durmuşa geçirilmegine FAO-nyň Global ýangynlary dolandyrmak merkezi hem goldaw berýär.
Meýilnamanyň esasy maksady tebigy ýangynlaryň öňüni almak, olaryň töwekgelçiligini azaltmak we ýüze çykan ýagdaýlarda netijeli hereket etmek boýunça ýurtlaryň tejribesini birleşdirmekden ybaratdyr. Bu ugurda ylmy maglumatlardan we ýerli tejribeden peýdalanmak, tebigy landşaftlary rejeli dolandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de zerur serişdeleri elýeterli etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezilýär.
FAO-nyň maglumatynda howanyň üýtgemegi we ýerden peýdalanmagyň üýtgemegi bilen baglylykda, tebigy ýangynlaryň has ýygy we güýçli ýüze çykýandygy bellenilýär. Guramanyň getiren maglumatlaryna görä, asyryň ahyryna çenli aşa güýçli ýangyn hadysalarynyň sanynyň 50 göterime çenli artmagy mümkin.
Tebigy ýangynlar diňe bir tokaýlara we ösümlik dünýäsine zyýan ýetirmeýär. Olar biologik köpdürlüligiň ýitmegine, howanyň hapalanmagyna, adamlaryň saglygyna we ýerli ilatyň ýaşaýyş şertlerine hem täsir edýär. Şonuň üçin bu ugurda diňe ýangyn ýüze çykandan soň söndürmek däl, eýsem, öňünden duýdurmak we onuň öňüni almak çärelerini güýçlendirmek zerurdyr.
«Antalýa hereket meýilnamasy» ýurtlaryň tejribe alyşmagyna we tebigy ýangynlara garşy has utgaşykly çäreleri işläp taýýarlamagyna gönükdirilen halkara başlangyçdyr.
Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Ogultäç Annamyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň mugallymy
Teswirler