Ýurdumyzda hasyl toýy giňden bellenildi

Türkmen topragynyň sahawatyny, daýhanlaryň tutanýerli zähmetini we ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikleri alamatlandyrýan Hasyl toýy ýurdumyzda bu ýyl hem giňden bellenildi. Baýramçylyk dabaralarynyň esasy bölegi Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenarynda ýaýbaňlandyryldy.

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk mynasybetli guralan sergide ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylan netijeler öz beýanyny tapdy. Welaýatlaryň we degişli pudaklaýyn edaralaryň sergi bölümlerinde oba hojalyk ekinleriniň tohumlary, gök-bakja we miwe önümleri, pagta hem-de bugdaý hasyly, şeýle-de olary gaýtadan işlemek arkaly öndürilen taýýar önümler görkezildi. Sergide oba hojalygy bilen bir hatarda, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň şäher gurluşygynda gazanylan üstünlikler hem tanyşdyryldy.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar. Pileçi kärendeçiler bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler. Şeýle-de pagtaçylaryň, gök-bakja we miwe öndürijileriniň zähmeti netijesinde bol hasyl ýygnaldy. 2026-njy ýylyň ilkinji on aýynda oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,2 göterime barabar boldy.

Oba hojalyk pudagynda gazanylýan netijeler diňe bir öndürilýän önümleriň möçberi bilen çäklenmän, eýsem, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ylmy we tehnologik täzelikler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, seçgiçilik we tohumçylyk işlerini ösdürmek bu ugurdaky möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» ýaly täze sortlarynyň döredilmegi hem ýurdumyzyň seleksiýa ylmynda alnyp barylýan işleriň netijesidir.

Dabaranyň çäklerinde oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine 2023-nji ýylda doglan Hazyna atly dor reňkli ahalteke bedewi sowgat berildi. Baýramçylyk Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk işgärlerine we ähli halkymyza iberen Gutlagyny diňlemek bilen dowam etdi.

Hasyl toýy mynasybetli dabaralar diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Arkadag şäherinde hem geçirildi. Bu baýramçylyk türkmen daýhanynyň zähmetine goýulýan sarpany, bereketli topragyň sahawatyny we milli däpleriň dowam etdirilýändigini dabaralandyrýan umumymilli çärä öwrüldi.

Dawut Alladurdyýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok