Howanyň üýtgemegi häzirki döwrüň ähli ýurtlaryna täsir edýän global meseleleriň biridir. Onuň netijesinde howanyň gyzmagy, gurakçylyk, suw joşmalary we beýleki tebigy hadysalar has-da ýitileşýär. Şu meseleleri çözmek, halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we bilelikdäki çäreleri kesgitlemek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 9–20-nji noýabry aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahaty – COP31 geçirilýär.
COP31 – bu diňe bir halkara maslahat däl. Ol dünýä döwletleriniň wekilleriniň, alymlaryň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň howa meseleleri boýunça pikir alyşýan hem-de bilelikdäki çözgütleri ara alyp maslahatlaşýan esasy meýdançasydyr. «COP» gysgaldylan ady Konwensiýanyň Taraplarynyň maslahatyny aňladýar, 31 belgisi bolsa onuň 31-nji gezek geçirilýändigini görkezýär.
Maslahatyň esasy maksady global temperaturanyň ýokarlanmagyny çäklendirmek, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, howanyň üýtgemeginiň netijelerine uýgunlaşmak we bu ugurdaky çäreleri maliýeleşdirmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle hem howanyň üýtgemeginden has köp zyýan çekýän ýurtlara we jemgyýetlere goldaw bermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
COP31-iň gün tertibinde diňe bir energetika we senagat däl, eýsem, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, suw serişdelerini dolandyrmak, şäherleriň durnuklylygy, galyndylary azaltmak we tebigy ekoulgamlary goramak ýaly ugurlar hem bar. Maslahatyň Hereketler maksatnamasy döwlet edaralaryny, hususy pudagy, şäherleri we jemgyýetçilik guramalaryny amaly çözgütleri durmuşa geçirmekde birleşdirmäge gönükdirilendir.
COP31-niň ähmiýeti kabul edilýän çözgütleriň diňe resminamalarda galman, eýsem, ýurtlaryň milli maksatnamalarynda we gündelik durmuşynda öz beýanyny tapmagyndadyr. Şonuň üçin bu halkara maslahat howanyň üýtgemegine garşy göreşde bilelikdäki jogapkärçiligi we anyk hereketleriň zerurdygyny ýene bir gezek öňe çykarýar.
Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Baýmyrat Ýatzikow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň mugallymy
Teswirler