Bilim — döwletimiziň kuwwatly güýji

Häzirki döwürde ylym-bilim her bir döwletiň ösüşiniň, abadançylygyň hem-de kuwwatynyň esasy binýadyny düzýär. Ýurdumyzda hem ylym we bilim ulgamyna berilýän uly üns ýaş nesilleriň zehinini açmaga, döwrebap tehnologiýalary özleşdirmäge we ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmegine giň ýol açýar. Bilimli, giň dünýägaraýyşly we hünärli ýaşlar Garaşsyz Watanymyzyň geljekki ykdysady, medeni hem-de ylmy kuwwatynyň has-da artmagyna özboluşly goşant goşýarlar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy düýpli özgerişlere eýe bolýar. Häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri iň soňky tehnologiýalar, kompýuter enjamlary hem-de interaktiw serişdeler bilen üpjün edilýär. Şeýle hem ýaşlaryň daşary ýurt dillerini, ylym-bilimiň täze ugurlaryny çuňňur öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän hünärmenleri kemala getirmäge we milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmaga uly itergi berýär.

Bilimli ýaşlar — döwletimiziň ertirki ynamly gadamlarynyň, parahatçylygyň we rowaçlygyň kepilidir. Bilime maýa goýmak — bu göni manysynda ýurdumyzyň ýagty geljegine goýulýan iň uly goşandyr. Şeýle hem, ylym we bilim ulgamynyň halkara derejesinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki ornuny has-da berkidýär. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleri we ylmy merkezleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar, ýaş alymlarymyzyň halkara bäsleşiklere we maslahatlara gatnaşmagy ýurdumyzda ylmy-barlag işleriniň hilini täze derejä çykarýar. Bu bolsa döwletimiziň ylmy-tehniki taýdan kuwwatlanmagyna we geljekki belent maksatlara ýetmegine berk binýat bolup hyzmat edýär.

Watanymyzy uly rowaçlyklaryň, bilimli nesilleriň mekanyna öwren, ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýlar ROZYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 6-njy orta
mekdebiň terbiýeçilik işleri
boýunça orunbasary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok