COP31 – de Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmäge üns berildi

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek diňe bir tebigaty goramak boýunça çäreleri geçirmek bilen çäklenmeýär. Munuň üçin parnik gazlarynyň zyňyndylaryny anyk kesgitlemek, ekologik ýagdaýlara yzygiderli gözegçilik etmek we alnyp barylýan işleriň netijelerine baha bermek hem zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, howa baradaky maglumatlaryň aç-açanlygy we milli hasabatlylyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi halkara ekologik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bu meseleler 2026-njy ýylyň 9–20-nji noýabrynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

14-nji noýabrda Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bilelikde guramagynda «Howa boýunça hasabatlylyk we aç-açanlyk: milli habarnamalar, milli derejede kesgitlenýän goşantlar we iki ýyllyk aç-açanlyk hasabatlary arkaly Türkmenistanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy tagallalara goşandy» atly tematiki çäre geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň wekilleri we howanyň üýtgemegi boýunça bilermenler gatnaşdylar.

Çäräniň esasy meseleleriniň biri Türkmenistanyň Pariž ylalaşygynyň çäklerinde ýerine ýetirýän borçnamalary we howa boýunça milli hasabatlylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler boldy. Duşuşykda Türkmenistanyň Dördünji milli habarnamasyny, Ilkinji iki ýyllyk aç-açanlyk hasabatyny taýýarlamak hem-de 2035-nji ýyla çenli milli howa ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän täzelenen NDC 3.0 resminamasy boýunça işler barada maglumat berildi.

Bilermenleriň üns beren esasy ugurlarynyň biri parnik gazlarynyň zyňyndylaryny hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek boldy. Munuň üçin zyňyndylar baradaky maglumatlaryň takyklygyny ýokarlandyrmak, olary ölçemek, hasabatyny ýöretmek we netijelerini barlamak boýunça döwrebap usullary ornaşdyrmak zerurdyr. Hususan-da, metan zyňyndylaryna gözegçilik etmekde şeýle ulgamlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Bu işlerde dürli döwlet edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy hem möhüm şert bolup durýar. Daşky gurşawy goramak, energetika we beýleki degişli pudaklarda toplanýan maglumatlaryň utgaşykly peýdalanylmagy howa boýunça alnyp barylýan çäreleriň netijeliligine baha bermäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin milli hünärmenleriň tehniki bilimlerini ýokarlandyrmak we degişli edaralaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmek hem maslahatda öňe sürlen ugurlaryň hatarynda boldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Montreal protokolynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalar boýunça tejribesine hem seredildi. Bu tejribe daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Howa boýunça hasabatlylyk diňe bir resminama taýýarlamak işi däldir. Ol tebigy serişdeleriň ýagdaýyna düşünmek, zyňyndylaryň çeşmelerini ýüze çykarmak, öňde goýlan maksatlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we geljekki çäreleri ylmy maglumatlara esaslanyp meýilleşdirmek üçin zerur gurallaryň biridir. Maglumatlar näçe takyk we ulgamlaýyn bolsa, ekologik çözgütleri kabul etmek hem şonça esasly bolýar.

Antalýada geçirilen tematiki çäre Türkmenistanyň milli hasabatlylyk ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we howa boýunça alnyp barylýan işleriň aç-açanlygyny ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlandy. Bu ugurdaky işler diňe bir halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine däl, eýsem, ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak boýunça geljekki çäreleriniň ylmy we maglumat esaslaryny pugtalandyrmaga hem hyzmat edýär.

Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Aýgül Jumageldiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň
mugallym-öwrenijisi

Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok