Merkezi Aziýa bilen Gara deňziniň arasynda ulag-üstaşyr mümkinçilikleri ösdürilýär

Merkezi Aziýa bilen Gara deňziniň arasyndaky ulag baglanyşyklaryny ösdürmek, ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we täze logistika mümkinçiliklerini öwrenmek sebitara ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridir. 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen duşuşykda hem bu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlaryny Gruziýa bilen birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn üns berildi. Deňiz portlarynyň, demir ýollaryň we beýleki ulag infrastrukturasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýük daşamalarynyň amatlylygyny ýokarlandyrmakda hem-de sebitleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Bu ugurda halkara ulag guramalary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegi üçin zerur çäreleri işläp taýýarlamak meseleleri öňe sürüldi. Hususan-da, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy we Halkara deňiz guramasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine üns berildi.

Sebitara arabaglanyşygy ösdürmek diňe bir ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek bilen çäklenmeýär. Sanly aragatnaşyk ulgamlary hem häzirki zaman logistikasynyň möhüm bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi bilen Gara deňziniň arasyndaky geçelge boýunça optiki-süýümli kabeli çekmek taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň biri boldy. Şeýle tehnologiýalar maglumat alyş-çalşygyny çaltlandyrmak we aragatnaşyk mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähmiýetlidir.

Duşuşygyň çäklerinde gatnaşyjylar Batumi deňiz portuna hem baryp gördüler. Tanyşlyk saparynyň dowamynda portuň işi, deňiz gatnawlary we ulag infrastrukturasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga şert döredildi. Deňiz portlary bilen demir ýol ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegi ýükleri dürli ugurlar boýunça daşamakda we logistika amallaryny netijeli guramakda möhüm orun eýeleýär.

Merkezi Aziýa bilen Gara deňziň arasynda ulag we sanly aragatnaşyk mümkinçilikleriniň ösdürilmegi sebitleriň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga, ýük daşamalary üçin täze mümkinçilikleri öwrenmäge we halkara logistika ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berip biler. Şonuň üçin infrastruktura taslamalaryny utgaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek geljekki ösüş üçin möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Humaý Hallyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok