Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk pudagynda ýokary önümçilik netijelerini gazanan işgärleri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we oba hojalyk pudagynyň ösüşine goşant goşmakda tapawutlanan zähmetkeşlere döwlet sylaglary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Sylaglananlaryň hatarynda gallaçylar, pagtaçylar, pileçiler we oba hojalygynyň beýleki ugurlarynda zähmet çekýän işgärler bar. Olaryň alyp barýan işleri dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişinde, hasylyň ýygnalmagynda we önümçilik görkezijileriniň ýokarlanmagynda möhüm orun eýeleýär.
Şu ýyl türkmen gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Pileçi kärendeçiler bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürip, bellenilen meýilnamalary üstünlikli berjaý etdiler.
Sylaglamak dabarasy oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň iş tejribesini, önümçilikdäki netijelerini we olaryň pudagyň ösüşine goşýan goşandyny dabaralandyrýan çäreleriň biri boldy.
Oba hojalyk önümleriniň öndürilişinde gazanylýan netijeler, ilkinji nobatda, möwsümleýin işleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegi, hünärmenleriň tejribesi hem-de daýhanlaryň gündelik zähmeti bilen baglanyşyklydyr.
Maglumatlary taýýarlan: Sähragül Döwranowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy
Teswirler