Hasyl toýy sergisinde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi

Hasyl toýy mynasybetli Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenarynda guralan sergide ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri görkezildi.

Sergide welaýatlaryň, oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bölümleri ýerleşdirildi. Olarda däneçilik, pagtaçylyk, gök-bakjaçylyk, bagçylyk we maldarçylyk ugurlarynda gazanylan önümçilik netijeleri bilen tanyşmak üçin mümkinçilik döredildi.

Sergi meýdançalarynda täze ýygnalan pagta, bugdaý sünbülleri, gök önümler, miweler, ir-iýmişler we olary gaýtadan işlemek arkaly öndürilen taýýar önümler görkezildi. Şeýle hem türkmen pagtasynyň orta süýümli we inçe süýümli görnüşleriniň nusgalary, dürli oba hojalyk ekinleriniň tohumlary aýratyn bölümlerde ýerleşdirildi.

Däneçilik bölüminiň diwarlygynda ýerli seçgiçilik işleriniň netijesinde döredilen bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» sortlary görkezildi. Bu sortlar boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag we tohumçylyk işleri oba hojalyk ekinleriniň görnüşlerini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Sergide diňe bir ekerançylyk önümleri däl, eýsem, maldarçylyk, guşçulyk, aryçylyk we balykçylyk pudaklarynyň önümleri hem görkezildi. Şeýle hem et-süýt önümleriniň, gaýtadan işlenen azyk harytlarynyň we ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirilen ekinleriň görnüşleri bilen tanyşmak mümkin boldy.

Önümçilik görkezijilerine görä, şu ýylyň on aýynda oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,2 göterime barabar boldy. Bu döwürde gök, miwe we bakja önümleriniň, şeýle hem pagtanyň bol hasyly ýygnaldy.

Sergide görkezilen önümler oba hojalygynyň dürli ugurlarynyň özara baglanyşygyny, ýerli çig malyň gaýtadan işlenilişini we önümçiligiň görnüşleriniň giňelýändigini görkezdi. Çäre gatnaşyjylara ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlary bilen bir ýerde tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Maglumatlary taýýarlan: Şamyrat Çetiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň IV ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok