Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy täze tapgyrda

Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaýişewürler forumy geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky ykdysady, tehnologik hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Forumyň esasy maksady strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, bilelikdäki taslamalaryň gerimini giňeltmek we geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemek boldy. Çykyş edenler Hytaýyň Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn belläp, özara ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar.

Maslahatlaryň dowamynda energetika, senagat, ulag-logistika, sanly ösüş we oba hojalygy ýaly möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem «ýaşyl» energetika, emeli aň, “akylly” şäherler we logistika geçelgeleri boýunça täze mümkinçilikler bellenildi.

Forumyň jeminde taraplar onuň ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, täze taslamalary durmuşa geçirmekde we söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Ogulşirin GURBANOWA,

Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok