Türkmenistan Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistan Bütindünýä banky bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet halkara ykdysady hyzmatdaşlyga bagyşlanan mejlisiň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Gepleşikleriň çäginde wekiliýet Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti Antonella Bassani bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hem-de ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini goldamak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bütindünýä banky döwletlere ykdysady ösüşi üpjün etmek we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen maliýe hem-de maslahat beriş goldawyny berýän halkara maliýe guramasydyr.

Şeýle hem 2026–2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk strategiýasy Türkmenistanyň sebit taslamalaryna gatnaşygyny giňeltmäge, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we degişli ugurlarda tehniki goldaw bermäge gönükdirilendir.

Serdar GARAGOÇEW,

Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok