Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy ýagny, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan 30 million ABŞ dollary möçberindäki pul serişdesi bilen “Central Asia Water and Land Nexus” (CAWLN) atly sebit maksatnamasyny işe girizýärler. Maksatnamanyň resmi başlangyjy 30-njy maýdan 6-njy iýun aralygynda Samarkantda geçiriljek Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) 8-nji Assambleýasynda yglan ediler.
Bu maksatnama BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar. Onuň esasy maksady sebitde suw we ýer serişdelerini netijeli dolandyrmakdan ybaratdyr.
Maksatnama laýyklykda, sebitde 84 milliondan gowrak ilatyň takmynan 80 göterimini suw bilen üpjün edýän Amyderýa we Syrderýa aýratyn üns beriler. Bu derýalar Merkezi Aziýanyň azyk howpsuzlygyna we ykdysady durnuklylygyna gönümel täsir edýär.
Şeýle hem taslama oba hojalyk ýerlerini dikeltmegi, çölleşmä garşy göreşi, tokaýlary goramagy, biologik dürlüligi saklamagy we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy öz içine alýar. Bu çäreler “nexus” çemeleşmesi arkaly, ýagny suw, ýer we ekoulgamlaryň özara baglanyşygyny göz öňünde tutup amala aşyrylar.
Mundan başga-da, Aral deňziniň sebitinde synag taslamalaryny geçirmek we tejribe alyşmak üçin ýörite platformalary döretmek meýilleşdirilýär. Umuman, maksatnama sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga we azyk howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilendir.
Ogulnur POKÇIÝEWA,
Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.
Teswirler