Türkmen woleýbolçylary Päkistanda geçirilen ýaryşda kümüş medala eýe boldular

11-17-nji maý aralygynda Päkistan Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň Milletler ligasy geçirildi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndy topary alty döwletiň (Päkistan, Türkmenistan, Eýran, Şri-Lanka, Gyrgyzystan, Owganystan) gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldular.

Ildeşlerimiziň ilkinji duşuşygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen bolup duşuşyk 3:2 hasabynda eýranly woleýbolçylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Nobatdaky duşuşyk Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňip, Owganystanyň ýygyndysyndan hem 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Ýaryşyň ahyrky tapgyryndaky duşuşygynda türgenlerimiz Şri-Lankanyň ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen ýeňip finala çykmagy başardylar. Milli ýygyndymyz  finalda ýer eýeleri — Pakistanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:3 hasabynda ýeňildiler we ýaryşy kümüş medal bilen tamamladylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok