Ýol-ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi sebitleriň arasyndaky ykdysady we durmuş gatnaşyklarynyň giňeldilmeginde möhüm şertleriň biridir. Döwrebap awtomobil ýollary diňe bir ýolagçylaryň gatnawyny ýeňilleşdirmän, eýsem, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, ýük daşamalarynyň netijeliligini artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.
Şu maksat bilen, ýurdumyzyň demirgazyk sebitini paýtagt bilen birleşdirýän Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň täze gurluşygyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäginde bu iri taslamanyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.
Umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan täze awtomobil ýoly birnäçe tapgyrda bina ediler. Taslama laýyklykda, ýoluň dürli böleklerinde dört, alty we sekiz hereket zolagy göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ulag akymynyň sazlaşykly hereket etmegine we ýol hereketiniň geçirijilik ukybynyň ýokarlanmagyna şert döreder.
Taslamanyň aýratyn üns çekýän bölekleriniň biri Naýzalydepiz oýtumynda guruljak täze awtomobil köprüsidir. Uzynlygy 812 metre, ini 25 metre deň boljak bu köpri iki gatnawly hereket üçin niýetlenendir. Şeýle hem ozal bar bolan dokuz sany awtomobil köprüsiniň durky täzelener. Köpriniň eltiji ýollarynyň hem döwrebap talaplara laýyklykda gurulmagy meýilleşdirilýär.
Ýoluň ugrunda ýolagçylaryň we sürüjileriň rahatlygy üçin giň mümkinçilikler dörediler. Hususan-da, 136 sany döwrebap awtobus duralgasynyň we 13 sany awtoduralga meýdançasynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýedi sany polisiýanyň ýol gözegçilik nokady dörediler. Ýoluň dowamynda wideogözegçilik we tizlik ölçeýji enjamlar hem ornaşdyrylar.
Täze ýoluň möhüm aýratynlyklarynyň ýene biri onuň sanly tehnologiýalar arkaly gözegçilik ediljek ulag düzümi hökmünde taslamalaşdyrylmagydyr. Döwrebap gözegçilik ulgamlary ýol hereketiniň ýagdaýyny seljermäge, ulaglaryň hereketini düzgünleşdirmäge we howpsuzlygy ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagy paýtagt bilen ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň arasyndaky gatnawlary has amatly we netijeli etmäge mümkinçilik berer. Şeýle iri infrastruktura taslamasy ýolagçy we ýük ulaglarynyň hereketini ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda, sebitiň ykdysady mümkinçilikleriniň giňelmegine hem oňyn täsirini ýetirer.
Maglumatlary toplan: Firuza Dosçanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň V ýyl talyby.
Teswirler