Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen ikitaraplaýyn hem-de giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen Bilelikdäki Beýannama hem-de dürli ulgamlary öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Gruziýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny hem-de halkara başlangyçlaryny, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, haryt dolanyşygyny artdyrmak, Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň işini işjeňleşdirmek we ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, «Lazurit» halkara ulag geçelgesi, «Hazar deňzi — Gara deňiz» multimodal geçelgesi we TRACECA taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem energetika, aragatnaşyk, syýahatçylyk, oba hojalygy, gurluşyk we dokma senagaty ýaly ugurlarda täze mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň döwlet edaralarynyň arasynda 20-ä golaý resminama gol çekildi. Resminamalar daşary syýasat, ykdysadyýet, maliýe gözegçiligi, medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, senagat, ulag, deňiz we demir ýol ulgamlary, kitaphana işi hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 50-den gowragy geçirilip, olaryň dowamynda şertnamalar baglaşyldy we ähtnamalara gol çekildi. Hususan-da, “Döwrebap ulag merkezi” hojalyk jemgyýeti logistika hyzmatlary boýunça birnäçe gruzin kompaniýasy bilen Şertnama, “Tibet türkmen” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça Şertnama, “Gündogar Akymy” hojalyk jemgyýeti distribýuterligi almak boýunça Şertnama, “Şerbetli Ak gar” hojalyk jemgyýeti Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek boýunça Şertnama, “Täç hil” hojalyk jemgyýeti Gruziýa himiki-ýuwujy serişdeleri eksport etmek boýunça Şertnama, “Ygtybarly ätiýaçlandyryş” AGPJ ätiýaçlandyryş hyzmatlary boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, “Mizemez gadam” hususy kärhanasy bolsa gurluşyk harytlaryny satmak we almak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Çeşme: TDH

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok