BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Awazada kabul edilen resminamalar çap edildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalarynyň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen üç sany resminama çap edildi.

Olar 2026-njy ýylyň 7–8-nji oktýabrynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy (A/81/460), halkara zenanlar dialogynyň «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Jemleýji resminamasy (A/81/461) hem-de «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribe» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasydyr (A/81/459).

Resminamalaryň Birleşen Milletler Guramasynyň alty sany resmi dilinde çap edilmegi Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň netijeleriniň giň halkara jemgyýetçiligine ýetirilýändigini görkezýär. Şeýle hem bu resminamalar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri öz içine alýar.

Çeşme: “Altyn Asyr” elektron gazeti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok