«Arçman» şypahanasynda täze bejeriş merkeziniň binalar toplumy açyldy

«Arçman» şypahanasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we dynç alýanlara hödürlenýän bejeriş hyzmatlaryny kämilleşdirmek maksady bilen bu ýerde täze bejeriş merkeziniň binalar toplumy açyldy. Täze desga şypahananyň saglygy dikeldiş we dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Tebigy melhem suwlary, arassa howasy we dynç almak üçin amatly şertleri bilen tanalýan «Arçman» ýurdumyzyň meşhur şypahanalarynyň biridir. Bu ýere saglygyny berkitmek, gündelik aladalardan dynç almak we tebigatyň goýnunda wagt geçirmek üçin gelýänler köp. Şypahananyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bolsa onuň hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin täze şertleri döredýär.

Täze bejeriş merkeziniň açylmagy şypahana hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekde möhüm ädimdir. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän bejeriş we dynç alyş şertleri adamlaryň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

«Arçman» şypahanasynda bu ugurda işler ozaldan alnyp barylýar. 2009-njy ýylda bu ýerde 400 orunlyk täze bina gurlup ulanmaga berildi. Şypahananyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi. Şeýle-de onuň çäginde abadanlaşdyryş işleri geçirilip, dynç alýanlaryň saglygyny berkitmegini bedenterbiýe bilen utgaşdyrmagyna mümkinçilik berýän Saglyk ýoly döredildi.

Şypahananyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem tebigy melhem suwunyň bejeriş mümkinçilikleridir. Tebigy baýlyklaryň amatly dynç alyş şertleri bilen utgaşmagy bu ýeriň özüne çekijiligini artdyrýar. Şonuň bilen birlikde, häzirki zaman bejeriş merkezleriniň döredilmegi gelýänlere hödürlenýän hyzmatlaryň has-da kämilleşmegine ýardam edýär.

Täze binalar toplumy «Arçman» şypahanasynyň ösüşinde nobatdaky möhüm ädim bolup, onuň bejeriş we dynç alyş mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle desgalaryň döredilmegi adamlaryň saglygyny berkitmek, rahat dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek we şypahana ulgamynyň mümkinçiliklerini ösdürmek babatda ähmiýetlidir.

Ogulşeker Gurbanowa,
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
5-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok