Aşgabat baýramçylyk günlerinde medeni çäreleriň merkezine öwrüldi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda we Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň dowam edýän günlerinde paýtagtymyz ähli welaýatlarymyzdan hem-de Arkadag şäherinden gelen wekilleri garşy aldy. Myhmanlar üçin taýýarlanan medeni maksatnama Aşgabadyň taryhy, medeniýeti we häzirki zaman döredijilik durmuşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Medeni maksatnamanyň ilkinji ugurlarynyň biri Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – ösüşleriň kepili» atly sergi boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşini şöhlelendirýän fotosuratlar we hroniki maglumatlar arkaly dürli döwürleriň wakalary öz beýanyny tapdy.

Şeýle-de wekiller «Watan mukaddesligi» muzeýine we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler. Bu duşuşyklar milli taryhyň, ruhy gymmatlyklaryň we nesilleriň döredijilik mirasynyň özara baglanyşygyny has aýdyň duýmaga şert döretdi.

Baýramçylyk dabaralarynyň sazlaşygynda Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň konserti hem geçirildi. Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlaryny özünde jemlän çykyşlar medeni maksatnamanyň şowhunyny artdyrdy.

Paýtagtymyzyň teatr sahnalary hem myhmanlar üçin baý mazmunly boldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dürli sahna oýunlary, edebi-sazly kompozisiýalar hem-de konsertler görkezildi.

Kinokonsert merkezlerinde geçirilen kino görkezilişleri bolsa türkmen kinematografiýasynyň dürli ugurlardaky eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, medeni maksatnama diňe bir baýramçylyk tomaşalary bilen çäklenmän, milli sungatyň dürli görnüşlerini bir ýere jemledi.

Maksatnamanyň täsirli pursatlarynyň biri Türkmenistanyň Döwlet sirkinde geçirildi. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Halkara derejede tapawutlanan toparyň artistleri ahalteke bedewleriniň üstünde çapyksuwarçylyk sungatynyň çylşyrymly görnüşlerini ýerine ýetirdiler.

Toparyň çykyşlarynda çapyksuwarlaryň bedewler bilen sazlaşygy, hereketleriň takyklygy we sahna ussatlygy aýratyn bellenmäge mynasyp boldy. 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga mynasyp bolan artistleriň çykyşlary hem-de Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilen atly sport boýunça ilkinji dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň görkezmesi sirk maksatnamasynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şeýlelikde, baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzda guralan medeni maksatnama wekiller üçin diňe dynç alyş pursatlaryny däl, eýsem Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy, sungaty we döredijilik üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik beren giň gerimli medeni sapary hem öz içine aldy.

Gülaýym Agalyýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby

Çeşme: Altyn Asyr Türkmenistan

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok