Aşgabat bilen Daşoguz şäherini birleşdirýän awtomobil ýolunyň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça täze işler meýilleşdirilýär. 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen Karara laýyklykda, Awtomobil ýollary ministrligine bu taslama degişli şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda awtomobil ýollaryny we köprülerini gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometr bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak, onuň ugrunda umumy uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak, köprüleri döwrebaplaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Aşgabat Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygy we onuň ugrunda köpri desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy paýtagt bilen ýurduň demirgazyk sebitiniň arasyndaky ulag infrastrukturasynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti
Teswirler