Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji noýabrda paýtagtymyzda geçirilen güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu çäre bilen ýurtda bag ekmek möwsümine badalga berildi.
Dabaranyň çäklerinde döwlet Baştutany bilen birlikde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasatynyň çäklerinde geçirilýän bu çäreler tebigy baýlyklary gorap saklamaga, tokaý zolaklaryny we täze seýilgähleri döretmäge, şäherleriň daşky gurşawyny abadanlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Resmi habarda bellenilişi ýaly, bag ekmek çäreleri diňe bir ekologiýa ähmiýetine eýe bolman, eýsem, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga we ýaş nesliň tebigata jogapkärçilikli garaýşyny kemala getirmäge hem hyzmat edýär.
Teswirler