«Türkmengaz» döwlet konserni suwuklandyrylan gazyň önümçiligini artdyrmak üçin maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn alar. Bu baradaky degişli Kararyň taslamasyna Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu maddy-tehniki enjamlar we serişdeler «Türkmengaz» döwlet konserniniň Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatyna çykarmak arkaly «Bagaja» gaz käninde tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de suwuklandyrylan gazyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.
Mälim bolşy ýaly, nebitgaz senagatynyň durnukly we netijeli işiniň bu pudagyň düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni bagly bolup durýar.
Mahym AKMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler