Belent maksatly – ykdysady ösüşler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem barha ýokarlanýar.

Geçen 30 ýylyň içinde ähli ugurlar boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirildi. Bu döwürde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny depginli ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ähmiýet berildi. Milli Liderimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hem maýa goýum syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen 30 ýyllyk maksatnama, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek babatda wajyp wezipeleri öňde goýýar. Bu Milli maksatnamanyň ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we senagat kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak bilen bagly meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek.

Ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak-möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmegine, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.

Goý, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gözel ŞIHIÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok