Kitap okamak bäsleşigi bu gezek Büzmeýinde geçirildi

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik saýlanan eserler esasynda 50 soraglyk test görnüşde geçirildi. Uly we kiçi toparlar aýratyn mazmun esasynda geçirildi. Kiçi toparlar (7-8-nji synplar) Natali Bebbitiň “Bakylygyň bosagasynda” eseri esasynda, uly toparlar (9-11-nji synplar) bolsa Elanor Porter “Polliana” eseri esasynda özara bäsleşdiler.

Orun Kiçi toparlar (7-8-nji synplar) Uly toparlar (9-11-nji synplar)
I ýer Mekan Nuryýew (7D) Waşakow Röwşen (9B)
II ýer Jahan Kakabaýewa (7A) Ýegenmämmedowa Leýli (9B)
III ýer Güýjow Seýdi (7D) Semedowa Ogulnur (9B)

Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda sylaglandyryldy. Dabarada TMÝG-nyň Büzmeýin etrap Geňeşi we TSTP-nyň Aşgabat şäher kommiteti tarapyndan sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy. Dabara aýdym-saz bilen şowhunly ýagdaýda geçirildi.

TSTP we TMÝG-nyň hyzmatdaşlygynda şeýle bäsleşikler dürli mekdeplerde geçirilip durýar.

Aşgabat şäheriniň 37-nji orta mekdebi we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem kitap okamak bäsleşigi geçirilipdi.

Merdan Ataýew
TSTP-nyň we TMÝG-nyň işjeň agzasy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok