Saglyk diňe bir adamyň şahsy abadançylygynyň däl, eýsem, jemgyýetiň durnukly ösüşiniň hem möhüm şertidir. Ilat üçin ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy, keselleriň öňüni almak we saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar.
2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Çäre dürli ýurtlaryň parlamentleriniň, degişli ministrlikleriň, halkara guramalaryň wekillerini, alymlary we bilermenleri bir ýere jemledi.
Bu halkara maslahatyň esasy meseleleriniň biri saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ähli ilat üçin elýeterliligini üpjün etmek boldy. Ara alnyp maslahatlaşylyşy ýaly, saglyk diňe bir her bir adamyň esasy hukugy bolman, eýsem, zähmet öndürijiligine we jemgyýetiň durmuş taýdan durnuklylygyna täsir edýän möhüm şertleriň biridir. Şonuň üçin ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny elýeterli etmek durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň zerur ugurlarynyň biri hasaplanýar.
19-njy noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara duşuşyklarda hem oktýabr aýynda guralan maslahatyň netijelerine aýratyn üns berildi. Onuň dowamynda öňe sürlen teklipleriň saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähmiýetlidigi bellenildi.
Maslahatyň netijeleri GDA ýurtlarynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamyndaky tejribe alyşmagy ösdürmek, adam mümkinçiliklerini giňeltmek we ýaşaýşyň hilini gowulandyrmak boýunça geljekki işleriň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär. Şeýle hem öňe sürlen teklipleriň degişli milli edaralaryň we parlament düzümleriniň işinde göz öňünde tutulmagynyň zerurdygy nygtaldy.
Halkara hyzmatdaşlygynyň şeýle görnüşleri saglygy goraýyş meselelerine diňe bir aýratyn ýurtlaryň çäginde däl, eýsem, umumy jemgyýetçilik we sebit ösüşiniň nukdaýnazaryndan garamaga mümkinçilik berýär. Awazada geçirilen maslahat hem sagdyn durmuş, elýeterli lukmançylyk hyzmatlary we adam abadançylygy ýaly meseleleriň halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýändigini görkezdi.
Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Arslan Agaýew,
Türkmenistanyň Energetika institutynyň mugallymy
Teswirler