Daşoguzda ösümlik ýagyny öndürýän täze kärhananyň düýbi tutuldy

Ýerli çig maly gaýtadan işlemek, azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak we içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek senagat pudagynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Daşoguz welaýatynda amala aşyryljak täze önümçilik taslamasy hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäginde welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynda senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän we ösümlik ýagyny öndürýän döwrebap kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Täze kärhana ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Umumy meýdany 122 müň 500 inedördül metr bolan önümçilik desgasy bir gije-gündizde 600 tonna çig maly kabul etmäge ukyply bolar. Önümçilik işinde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan peýdalanylyp, çig malyň kabul edilmeginden başlap, taýýar önümiň gaplanylmagyna çenli ähli tapgyrlar döwrebap usulda guralar.

Kärhanada pagta çigidinden alynýan çig ýag ýörite arassalaýyş we hilini ýokarlandyryş tapgyrlaryndan geçiriler. Bir gije-gündizde 50 tonna çig ýagy arassalamaga niýetlenen rafinasiýa bölümi önümiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berer. Şeýle hem guýma we gaplama bölüminde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, ýylda 9 milliona golaý bir litrlik gaplarda ösümlik ýagyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Bu önümçilik taslamasynyň ähmiýeti diňe bir ýag öndürmegiň möçberini artdyrmak bilen çäklenmeýär. Kärhanada çig malyň ýerinde gaýtadan işlenilmegi, taýýar önümiň içerki bazara ýetirilmegi we täze iş orunlarynyň döredilmegi sebitiň ykdysady mümkinçiliklerini giňelder. Kärhana işe girizilenden soň, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin şertler dörediler.

Täze kärhananyň işe başlamagy pagta önümçiliginiň gaýtadan işleýiş senagaty bilen arabaglanyşygyny has-da berkider. Şeýlelikde, oba hojalygyndan alynýan çig malyň taýýar önüme öwrülmegi bilen önümçilik zynjyrynyň netijeliligi ýokarlanar.

Daşoguz welaýatynda guruljak bu döwrebap kärhana azyk senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, ösümlik ýagynyň görnüşlerini we möçberini giňeltmäge hem-de ýerli önümçiligiň ornuny pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Maglumatlary toplan: Firuza Dosçanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň V ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok