Ýurdumyzda ulag-logistika düzümini ösdürmek, halkara ähmiýetli ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler täze üstünlikler bilen rowaçlanýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň ulanmaga berilmegini görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäginde sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiz bu möhüm ulag ýolunyň açylyşyna ak pata berdi.
Uzynlygy 44 kilometre deň bolan Garabogaz – Gazagystan serhedi aralygyndaky täze ýol ýurdumyzyň ulag ulgamynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltjek möhüm taslamalaryň biridir. Geçen ýyl düýbi tutulan bu ýoluň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ugrunda nobatdaky möhüm tapgyr üstünlikli amala aşyryldy.
Täze awtomobil ýoly diňe bir ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegine däl, eýsem, sebitiň döwletleriniň arasynda ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem möhüm goşant goşar. Şeýle hem ol Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi hökmünde Türkmenistanyň halkara ulag ulgamyndaky ähmiýetini has-da artdyrmaga şert döreder.
Taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan häzirki döwürde bu şöhratly ýoluň döwrebap dowamyny döretmek ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Täze awtomobil ýollarynyň gurulmagy, bar bolan ulag düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we halkara geçelgeleriniň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şeýle giň gerimli taslamalar Türkmenistanyň ulag ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş we möhüm üstaşyr geçelge hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Garabogaz – Gazagystan ýolunyň täze böleginiň ulanmaga berilmegi hem bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň nobatdakysyna öwrüldi.
Maglumatlary toplan: Firuza Dosçanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň V ýyl talyby.
Teswirler