Türkmenistanyň energetika pudagynda täze ösüş tapgyry başlanýar

Türkmenistanyň energetika pudagy gaz çykaryşyny artdyrmak, Hazar deňzinde gözleg-barlag işlerini giňeltmek, sebit infrastrukturasyny ösdürmek we önümçilik proseslerini döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen ösüşiň täze tapgyryna geçýär. Bu barada «Turkmen Energy Forum» tarapyndan çap edilen «GaffneyCline» halkara energetika konsalting kompaniýasynyň sebit boýunça direktory Stiw Trewersiň makalasynda bellenilýär.

«GaffneyCline»-yň maglumatlaryna görä, halkara energetika pudagynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmasy ýurduň tebigy gaz serişdeleriniň mümkinçiliklerini öwrenmekden taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, infrastruktura maýa goýumlaryny artdyrmaga, täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükýär.

Türkmenistanyň energetika pudagynyň täze tapgyrynda «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dowam etdirilmegi möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezilýär. Käniniň dördünji tapgyrynyň çäklerinde täze guýularyň burawlanmagy we harytlyk gazyň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin gaz taýýarlamak infrastrukturasynyň ösdürilmegi meýilleşdirilýär.

Hazar deňzindäki gözleg işleri hem pudagyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 1-nji blokdaky «Magtymguly» käninde A8 baha beriş-ulanyş guýusynda geçirilen synaglar geljegi uly netijeleri görkezdi. Sebitdäki beýleki meýdançalaryň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin geologik we seýsmiki barlaglar hem dowam etdirilýär.

Taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisi Türkmenistanyň gaz serişdelerini sebitdäki sarp edijiler bilen baglanyşdyrmagy maksat edinýär. «GaffneyCline»-yň bellemegine görä, «Galkynyş» käniniň önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy bilen sebit gaz geçiriji infrastrukturasynyň ösdürilmegi biri-birini üsti ýetirýän ugurlar bolup durýar.


Süleýman ALYJANOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok