27–29-njy aprel aralygynda Barselona şäherinde geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan guralýan bu forum halkara ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanýar.
Forumda Türkmenistanyň wekilleri ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini ösdürmek, hususy pudagyň ornuny berkitmek hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyş ederler.
Maslahatyň dowamynda ulag-logistika, gaýtadan dikeldilýän energiýa, oba hojalyk senagaty, sanly ykdysadyýet, şäher infrastrukturasy hem-de syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň maýa goýumlary çekmekdäki mümkinçiliklerine aýratyn üns berler. Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurt hökmünde bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýeti aýratyn bellenilýär.
Yhlasmyrat ALYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler